CNPC International (Turkmenistan) bäsleşik yglan edýär 21.11.2018 — 30.11.2018
International (Turkmenistan) Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy
Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde GDZ-1 we GDZ-2 üçin korroziýa ingibitoryny satyn almak boýunça
tender boýunça deslapky kwalifikasiýa yglan edýär
Şu tendere degişli: «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägine korroziýa ingibitoryny satyn almak.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar aşakda görkezilen maglumatlary we resminamalary tabşyrmalydyrlar:
Bäsleşige gatnaşmak üçin arza.Kompaniýa barada gysgaça maglumat, şol sanda kompaniýanyň hasaba alnandygy barada maglumat.Soňky 3 ýylda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;Soňky üç ýylda şuňa meňzeş materiallary satyn alandygy hakynda maglumat;Ýerli kompaniýalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine girýändigini tassyklaýan şahadatnamanyň göçürmesini görkezmeklik hökmanydyr.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar şu habar neşir edilen gününden soňky 10 günüň içinde kabul ediljekdir.
Salgymyz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/3
Habarlaşylmaly tarap: Narine Simonýan;
elektron poçta salgysy: Narine.Simonyan@cnpcag.com
Tel.:+993-12-445434 Faks:+993-12-445044
Arzalar kurýer, elektron poçta ýa-da faks arkaly ugradylyp bilner.