• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

​Türkmenistanda köpçülikleýin pagta ýygymyna girişildi

  09.09.2021

Türkmenistanda köpçülikleýin pagta ýygymyna badalga berildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda möhüm oba hojalyk kärhanalary öz işine başlady. Toprak-howa şertleri nazara alnyp, Daşoguz welaýatynda «ak altynyň» ýygymyna 15-nji sentýabrda girişiler. Bu barada türkmen teleýaýlymynyň «Watan» habarlary gepleşiginde habar berildi.

Şu ýylda ýurt boýunça umumy 620 müň gektar ýere pagta tohumy sepildi. Ýaz paslynda ekin meýdanlaryna pagtanyň orta süýümli tohumy ekildi.

Bu medeniýeti ösdürip ýetişdirmekde oba hojalygynyň hususy önüm öndürijilerine uly orun degişlidir. Olara oba hojalyk maksatlary üçin ýer gaznasyndan ýörite ekin meýdanlary berilýär.

Ýurt boýunça «ak altynyň» umumy 1 million 250 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 280 müň tonna, Balkan welaýatynda 10 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 275 müň tonna, Lebap welaýatynda 320 müň tonna, Mary welaýatynda 365 müň tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär.

Ýygym möwsüminde pagta ýygnaýjy «John Deere 9970» kombaýnlarynyň 1 müňsi, ýük awtoulaglarynyň 2 müň 227-si, traktorlaryň 2 müň 301-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 620-si işlediler.

Gije-gündizleýin pagta ýygymy alnyp barylýan ekin meýdanlarynda gaýragoýulmasyz tehniki hyzmatlar ýola goýulýar.

Ýygyma girişmezden ozal, pagta ýygyjy kombaýnlary arassalamak üçin gerekli mukdarda defoliant satyn alyndy. Adatça bolşy ýaly, pagta ýygymynda zyýansyzlandyrylan traktorlar we kiçi awiasiýa uçarlary peýdalanylar.

«Ak altynyň» täze hasylyny kabul etmek üçin taýýarlyk nokatlarynyň 122-si we pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy.

Pagta önümçiligi Türkmenistanyň obasenagat toplumynda möhüm ugurdyr. Ol daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde we ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda wajyp orny eýeleýär. Ýurdumyzyň tebigy-howa şertleri pagtanyň orta süýümli we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge oňyn täsini ýetirýär.

Innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçiligiň guralmagy netijesinde tebigy pagta süýümi taýýarlanylyp, ol dünýä bazarynda uly islege eýe bolan milli dokma senagaty pudagy üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär.