• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Türkmenbaşy adyndaky jins toplumynyň mobil goşundysy işläp başlady

  12.09.2021

Türkmenbaşy adyndaky jins toplumynyň «Bedew Jeans – TJK» atly mobil goşundysy işläp başlady.

Mundan beýläk bu toplumyň resmi saýtyndaky ähli mümkinçilikler siziň smartfonyňyza hem «göçüp geler».

Goşundyda hasaba alynmak bilen lybaslary saýlamak, uzak aralykdan söwda etmek we öýe çenli getirtmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Tölegleri nagt ýa-da bank kartlarynyň üsti bilen hem geçirip bolar.

Goşundy düşnükliligi bilen hem ünsüňi özüne çekýär. Lybaslar «Erkekler», «Zenanlar» we «Çagalar» atly bölümlerde hödürlenilýär. Bu bölümlere girip, islän görnüşiňizdäki, islän ölçegiňizdäki lybasy sebede salyp, satyn alyp bilersiňiz.

«Bedew Jeans – TJK» goşundysyny şu salgy boýunça Google Play-den satyn alyň!