• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

​Ösümlikleri goramak boýunça 2022–2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň taslamasy hökümet mejlisinde hödürlenildi

  10.01.2022

Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiew 2022–2025-nji ýyllar üçin ösümlikleri goramak boýunça döwlet maksatnamasynyň taslamasyny hödürledi. Taslama Türkmenistanyň "Ösümlikleri goramak baradaky" kanunyna laýyklykda taýýarlandy.

Bu döwlet maksatnamasy ösümlikleri goramagyň agrotehniki, himiki we biologiki ugurlaryny ösdürmäge, şeýle-de ösümlikleri goramak üçin niýetlenen serişdeleri barlagdan geçirmäge we bellige almaga gönükdirilen.

Ylmy tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen okuw seminarlaryny geçirmek arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.