• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Kuraş boýunça dünýä çempionatyna dürli ýurtlardan rekord derejede köp türgen gatnaşýar

  25.11.2023

Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyna Aşgabada 50 ýurtdan 240-dan gowrak türgen ýygnandy.

Bangladeş, Zimbabwe, Mongoliýa, Kuweýt, BAE, Hindistan, Yrak, Eýran, Kolumbiýa, Rumyniýa, Meksika – bular çempionlyk ugrunda sportçylaryň Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungaty toplumynyň meýdançasynda pälwanlary güýç synanyşjak ýurtlaryň käbiri.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň pälwanlary, şeýle hem Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri ýeňiş gazanmagy niýet edinýärler, bu ýurtlarda kuraş biraz başgaça atlandyrylýan bolsa-da, milli söweş sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biridir.

Däp bolşy ýaly, möhüm ýaryşlaryň öňüsyrasy ýurduň hormatly ýaşululary pälwanlarymyza ýeňşe ak pata berdiler. Öz meýdançasynda çykyş etmegiň aýratyn jogapkärçiligine gowy düşünýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary iň ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýärler.

Ýurduň welaýatlaryndan gelen türgenler güýçli türgenleşip, «akylly» Arkadag şäherine gezelenç etdiler. Watanyň gazanan üstünliklerinden ylham alýan türgenler golaýda geçiriljek ýaryşda gowy çykyş etmäge we toparymyzyň umumy hazynasyna mümkin boldugyça köp medal getirmegi wada berdiler.

Ak mermer paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde ýerleşýän köp sanly janköýer zolaklary türgenleri täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle meýdançalaryň birinde meşhur türkmen estrada aýdymçylarynyň özboluşly konserti geçirildi. Aýdymçylar öz çykyşlarynda Türkmenistany dünýä derejesindäki sport döwleti hökmünde wasp edip, türgenlere uly üstünlikler we ajaýyp ýeňişler arzuw etdiler.