• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasynda bir günüň dowamynda 250-300 tonna pagta gaýtadan işlenilýär

  22.11.2021

«Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Kuwwatlylygy ýylda 40 müň tonna tohumlyk çigidi işlemäge niýetlenen häzirki zaman ülňüli ýöriteleşdirilen bu kärhanada döredilen ýokary tehniki üpjünçilik esasy önümçiligiň we kömekçi bölümleriň dürs hem-de sazlaşykly işlemegine şert döredýär. Bu ýerde «Daşoguz habarlary» gazetinde habar berilýär.

Bu ýerdäki tehnologik ugurlaryň ählisi-de awtomatlaşdyrylyp, kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Kuwwatly enjamlaryň kömegi bilen kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 250 — 300 tonna pagta gaýtadan işlenilýär. Bu döwrebap önümçiligiň sebitde üstünlikli hereket etmegi oba hojalyk önümlerini öndürijileri geljekki hasylyň düýbüni tutmaga ýardam berjek tohum bilen üpjün etmäge doly mümkinçilik berýär. Bu ýerde çykarylýan önümler döwrümiziň iň ýokary ölçeglerine laýyk gelýär. Pagta arassalaýjy kärhananyň çäginde esasy önümçilik bölümleri bilen bir hatarda, çig maly saklaýan we kabul edýän uly terminal ýerleşýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde döwrüň ähli talaplaryna laýyk gelýän taýýar önümleri saklamaga niýetlenen ammar jaýlary, tohumlary saklamaga niýetlenen kömekçi binalar, ussahanalar ýerleşýär. Önümçilik barlamhanasy bolsa ygtybarly barlag-ölçeg enjamlary bilen üpjün edilen. Olar taýýar önümleriň we çig malyň hil derejesini anyk kesgitlemäge doly mümkinçilik döredýär.

Döwrebap pagta arassalaýjy kärhananyň işgärleri 2021-nji ýyly ýokary netijelere beslemegi maksat edinýärler.