• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 16 geleşik hasaba alyndy

  12.10.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 317 müň dollaryndan gowrak bolan söwda geleşikleriniň 16-sy baglaşyldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň täjirleri boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşlerini satyn aldylar.

Mundan başga-da, täjirlere daşary ýurt puluna float aýna listleri ýerlenildi.