• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Geçen hepdede TDHÇMB-de söwda geleşikleriniň netijesi

  21.03.2022

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda Türkmenistanyň Dokma senagat ministrligi boýunça söwda geleşikleriniň 15-si hasaba alyndy.

Gonkongyň, Türkiýanyň, Azerbeyjanyň we Gyrgyzstanyň işewür toparlarynyň wekillerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 870 müň dollaryndan gowrak boldy.

BAE-niň we Türkiýäniň telekeçilerine jemi bahasy 4 million 263 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.