• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

​Geçen hepdede TDHÇMB-de baglaşylan söwda geleşikleriniň netijeleri

  19.01.2022

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwda geleşikleriniň 54-si hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 104 million 248 müň dollaryndan gowrak boldy.

BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, şeýle hem Maltanyň we Şweýsariýanyň işewürler topary dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümlerini — düzümi az kükürtli ýangyç mazudyny, kerosini, suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine «Türkmengaz» döwlet konserniniň tehniki kükürdi, float aýna listleri, şeýle hem demirden posy we ýagy aýryjy serişde ýerlenildi.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän gurluşyk nebit bitumyny, elde dokalan halylary we plastiki poddonlary satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 26 million 700 müň manatdan geçdi.