• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Dokma toplumynyň kärhanalarynda önümçiligiň ösüş görkezijisi

  11.07.2021

2021-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda ýurdumyzyň dokma toplumynyň kärhanalary durnukly ösüş depgini sakladylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow habar berdi.

Toplum tarapyndan öndürilen önümleriň ösüş görkezijisi ýokary netijä eýe bolup, pagta süýüminiň we matalaryň önümçiligi 112,4 we 102,3 göterim ýerine ýetirildi. Trikotaž önümleriniň öndürilişi 123,4 % , koža önümleriniň önümçiligi bolsa 103,6% artdy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça bellenilen önümçilik maksatnamasy 113% ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi boýunça harytdolanyşygynda 119,7%, önüm öndürijiliginde bolsa 111,8% göterim ösüş derejesi gazanyldy.