• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Daşoguzyň pagta egriji kärhanasy dünýä bazaryndaky ornuny berkidýär

  14.07.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji kärhanasynda öndürilýän önümler dünýäniň dokma bazarynda meşhurlyk gazanýar. Her ýylda bu kärhanada taýýarlanylýan önümleriň 70 göterimi daşary bazaryna çykarylýar. Kärhana öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýokary hilli pagta ýüplügini öndürmek bilen uly at-abraýa eýe boldy.

Şu ýylyň birinji ýarymynda kärhana tarapyndan 39,5 million manatlyk önüm öndürilip, aglaba bölegi eksport edildi. Daşoguz pagta egriji kärhanasy 16,6 müň tonna pagta süýümini gaýtadan işlemäge we 14,6 müň tonna çenli tebigy taýdan berk pagta ýüplügini öndürmäge ukyplydyr.

Daşoguzyň pagta egriji kärhanasynda öndürilýän «Ring» belgili ýüplük dünýäniň dokma bazarynda uly meşhurlyk gazanýar. Önümçilikde «Savio», «Marzoli», «Loptex» ýaly öňdebaryjy italýan kompaniýalarynyň döwrebap enjamlarynyň ulanylmagy hem-de hünärmenleriň öz işine ezberlik bilen çemeleşmegi ýüplügiň ýokary hil derejesini üpjün edýär. Ähli önümler taýýarlanylyşyň dürli tapgyrlarynda ― çig mal ýagdaýyndan doly taýýar önüme geçýänçä hil derejesi boýunça barlagdan geçirilýär.

Soňky ýyllarda döwlet maýa goýumlarynyň hasabyna Daşoguz welaýatynda pagta çig malyndan ekologiýa taýdan arassa önümleri gaýtadan işlemäge degişli başga hem birnäçe kärhanalar gurlup ulanylmaga berildi.