• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

​Daşary ýurt puluna we manat serişdelerine pagta ýüplügi ýerlenildi

  05.10.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 28 geleşik hasaba alnyp, olaryň ummy bahasy ABŞ-nyň 21,1 million dollaryndan geçdi.

Daşary ýurt puluna pagta ýüplügi satyn alyndy. Mundan başga-da manat serişdeleriniň hasabyna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine pagta ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy 5 million 628 müň manada deň boldy.

Şeýle hem daşary ýurtly işewürler dollar serişdelerine awtobenzini, uçar kerosinini, göni işlenen benzini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.