• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Berdimuhamedow fewral aýynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi

 

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanandan soňky 30 ýylyň dowamynda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi. Türkmen Lideri öz çykyşynda döwleti we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemegiň gerekdigine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu ýylyň fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdy ösdürmegiň maksatnamalaryna serediler we olar tassyklanylar. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barylan işleriň jemleri jemlener we şu ýyl üçin wezipeler kesgitlener. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek bilen bagly ähli guramaçylyk işlerini umumy utgaşdyrmagy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewa, wise-premýer S.Berdimuhamedowa tabşyrdy.